Türkmenistanda asma potoloklar we profil sistemalaryny öndüriji ilkinji kärhana
bolan “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti öz ykjam programmasyny hödürleýär.
Programmanyň kömegi bilen asma potoloklaryň gurnamasy meýilleşdirilýän ýeriniň
ölçeglerini görkezip, potoloklaryň dürli görnüşleri üçin aýratynlykda gerek bolan
gurnama önümleriň sanyny hasaplap bilersiňiz.
Programmada, “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýetiniň önümleriniň katalogy we
habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirilen.
Programma üç dilde hödürlenýär.